Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 95-nji maddasynda görkezilen hususy telekeçi bolup durýan salgyt töleýjiler – şahsy taraplar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 111-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň  8-nji, 12-17-nji (5-nji sütün boýunça), 28-30-njy,    32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  4. 12-nji we 13-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 100-nji we 101-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  5. 14-nji we 15-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 102-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  6. 20-25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 110-njy  maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär.

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 129-njy maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 137-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 15-nji, 36-39-njy setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  4. 2-nji we 3-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 2-nji we 3-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 131-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  5. 4-nji we 5-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 4-nji we 5-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 132-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  6. 18.1-nji we 18.2-nji setirleriň 7-nji sütüni boýunça salgyt möçberleri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 133-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
  7. 26-njy setir boýunça görkezijiler 25.1-nji setirden 25.9-njy setir aralygyndaky setirleriň her bir sütüni boýunça görkezijileriň möçberi hökmünde kesgitlenýär;
  8. 30-njy setir boýunça görkeziji 29-njy setiriň 2-nji sütüninden 8-nji sütüni aralygy boýunça görkezijileri goşmak arkaly kesgitlenýär.

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 147-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 176-njy maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 15-nji, 30-33-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  4. 19-njy setirden 23-nji setire çenli 4-nji sütün boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 172-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

19-njy setirden 23-nji setire çenli 5-nji sütün boýunça görkezijiler 2-nji, 3-nji we 4-nji sütünler boýunça görkezijileri köpeltmek arkaly kesgitlenýär;

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 114-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 128-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 15-nji, 32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  4. 18.1-18.9-njy setirleriň 2-nji we 3-nji sütünleri boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 117-nji we 122-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
  5. 18.1-18.9-njy setirleriň 4-nji we 5-nji sütünleri boýunça, şeýle-de 24-nji we 25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 118-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
  6. 18.1-18.9-njy setirleriň 7-nji sütüni boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 119-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
  7. 22-nji we 23-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 126-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynda görkezilen şahsy taraplar şu salgyt beýannamasyny berýärler;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 11-nji we 31-34-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;
  4. beýannamanyň 13-16-njy setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  5. beýannamanyň 17-18-nji setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  6. beýannamanyň 19-njy setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar –  13-nji setir goşmak 17-nji setir aýyrmak 18-nji setir;
  7. beýannamanyň 21-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  8. beýannamanyň 27-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 189-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  9. beýannamanyň 28-nji setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar – 19-njy setir  aýyrmak 27-nji setir;

Mahabatlandyrma üçin ýygymy hasaplamak we tölemek maksady üçin mahabatlandyrma üçin ýygym boýunça beýannama bellenilýär –№ 38 goşundy.

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 201-nji maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 12-nji setirindäki hususy salgyt belgisini Türkmenistanyň salgyt gullugynyň edarasy tarpyndan şol belgi berilen taraplar görkezýärler;
  4. beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  5. beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 202-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär. Şunda, çykdajylaryň düzümi we olaryň degişli döwri, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy hasaplamak üçin ulanylýan aýyrmalara degişlilikde kesgitlenýär.
  6. beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;
  7. beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 203-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.

Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

  1. salgyt beýannamasy «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 209-njy maddasynda görkezilen taraplar tarapyndan berilýär;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda görkezilýär;
  3. beýannamanyň 15-nji we 29-32-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
  4. beýannamanyň 18-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  5. beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  6. beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

  1. salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 210-njy maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;
  2. beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
  3. beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;
  4. beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 211-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
  5. beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;
  6. beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 212-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.