Portalyň hyzmatlary guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýuridik taraplara hem-de ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini alyp barýan telekeçilere degişli bolup durýar. Häzirki wagtda sahypanyň işleýşini giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar, ileri tutulýan döwlet hyzmatlary häzirki wagtdan kategoriýalar we pudaklaýyn edaralar (Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýýet ministrligi we ministrligiň Salgyt müdiriýeti) boýunça bölünýär. Saýt döwlet dilinde elýeterlidir.
-
e.fineconomic.gov.tm portalyna agza bolmak üçin birnäçe şertler berjaý edilmelidir:
- Şahsyýetiňi tasyklaýan resminama bolan pasportdaky maglumatlary we telefon belgiňizi görkezmek arkaly saýtda bellige alnyp, onda agza bolmaly;
- Saýtda agza bolandan soň, degişli Salgyt bölümine baryp, pasportyňyzy görkezmek arkaly şahsyýetiňizi tassyklamaly;
- Şahsyýetiňiz tassyklanylandan soň degişli salgyt bölüminiň inspektory tarapyndan ulanyja öz şahsy otagyndan peýdalanmak hukugy berilýär;
- Bulardan soň, ulanyjy şahsy otagyna girmek, beýannamalary we beýleki resminamalary elektron görnüşde ibermek hukugyna eýe bolýar.
-
e.fineconomic.gov.tm portalyň maksatlary we wezipeleri:
e.fineconomic.gov.tm portaly ulanyjylara elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini bermek üçin döredildi.
Portal arkaly elektron döwlet hyzmatlaryny bermek aşakdakylara gönükdirilendir:
- Ýüz tutýanlar üçin döwlet edaralary bilen aragatnaşykda bolmak mümkinçiligini tutuş ýurt boýunça döretmäge;
- Degişli resminamalaryň tabşyryş (olara seretmegiň) möhletlerini gysgaltmak hem-de döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilşine merkezleşdirilen gözegçiligi döretmek arkaly bu hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga;
- Döwlet hyzmatlaryndan peýdalananlarynda ilatyň, telekeçilik subýektleriniň we döwlet edaralarynyň çykdajylaryny azaltmaga we olaryň wagtyny tygşytlamaga;
- Häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ulanmak esasynda elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmak boýunça ulanyjynyň şertlerini ösdürmäge we mümkinçiliklerini giňeltmäge.