Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň Kanunyň 95-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler – ýuridik şahslar tarapyndanbitewi Kanunyň 111-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde berilýär;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we onda görkezijiler san bilen we ýazmaça ýazylyp, milli pulda görkezilmelidir;
- 1-10-njy setirleri ony berýän şahs tarapyndan doldurylýar;
- 11-nji, 35-38-nji setirleri salgyt edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 15-nji we 16-njy setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 100-nji we 101-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär. Bitewi Kanunyň 101-nji maddasynyň on dördünji bölegine laýyklykda, hasabat döwründe salgyt özeni şol döwürde Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli pul serişdeleriniň möçberinde azaldylmaga degişlidir, şol sebäplibeýannamanyň 15-nji setiriniň görkezijileri şeýle azaltmaklygy hasaba almak bilen doldurylýar;
- 7-nji we 18-nji setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 102-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 23-28-nji setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 110-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 114-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 128-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
- beýannamanyň 15-nji, 32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 18.1-18.9-njy setirleriň 2-nji we 3-nji sütünleri boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 117-nji we 122-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
- 18.1-18.9-njy setirleriň 4-nji we 5-nji sütünleri boýunça, şeýle-de 24-nji we 25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 118-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
- 18.1-18.9-njy setirleriň 7-nji sütüni boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 119-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
- 22-nji we 23-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 126-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyň 138-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjilertarapyndan bitewi Kanunyň 145-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde berilýär;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we ondagörkezijiler san bilen we ýazmaça ýazylyp, milli pulda görkezilmelidir;
- 1-10-njy setirleri ony berýän şahs tarapyndan doldurylýar;
- 11-nji, 30-33-nji setirleri salgyt edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 15-nji, 16-njy we 17-nji setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 139-njy we 140-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 18-nji setiriniň görkezijisi bitewi Kanunyň 143-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 23-nji setiriniň görkezijisi bitewi Kanunyň 141-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 129-njy maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 137-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
- beýannamanyň 15-nji, 36-39-njy setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 2-nji we 3-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 2-nji we 3-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 131-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 4-nji we 5-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 4-nji we 5-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 132-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 18.1-nji we 18.2-nji setirleriň 7-nji sütüni boýunça salgyt möçberleri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 133-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 26-njy setir boýunça görkezijiler 25.1-nji setirden 25.9-njy setir aralygyndaky setirleriň her bir sütüni boýunça görkezijileriň möçberi hökmünde kesgitlenýär;
- 30-njy setir boýunça görkeziji 29-njy setiriň 2-nji sütüninden 8-nji sütüni aralygy boýunça görkezijileri goşmak arkaly kesgitlenýär.
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyň 147-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler tarapyndan bitewi Kanunyň 176-njy maddasy bilen bellenilen möhletlerde berilýär;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar,onda görkezijiler san bilen we ýazmaça ýazylyp, milli pulda görkezilýär. “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlerini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslar üçin şu iş boýunça resmileşdirilýänBeýannamada(18-nji goşundy)15-32-nji setirlerdäki görkezijileri bitewi Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde bellenilenlere laýyklykdadaşary ýurt pulunda görkezilýär;
- 1-10-njy setirleri ony berýän şahs tarapyndan doldurylýar;
- 11-nji, 43-46-njy setirleri salgyt edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 16-njy, 17-nji, 21-nji we 22-nji setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 171-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 1819-njy we 20-nji setirleriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 154-166-njy, 169-njy 177-nji we 179-njy maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär. 19.8-nji setirde beýleki bellenilen aýyrmalar bilen bilelikde, töleýjisi ýuridik şahslar bolup durýan, bitewi Kanun bilen bellenilen ýygymlaryň möçberleri hem gorkezilýär;
- 27-nji setiriniň görkezijileri bitewi Kanunyň167-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
- 31-nji setiriniň görkezijileri bitewi Kanunyň 170-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär.
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 147-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 176-njy maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
- beýannamanyň 15-nji, 30-33-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- 19-njy setirden 23-nji setire çenli 4-nji sütün boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 172-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;
19-njy setirden 23-nji setire çenli 5-nji sütün boýunça görkezijiler 2-nji, 3-nji we 4-nji sütünler boýunça görkezijileri köpeltmek arkaly kesgitlenýär;
Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:
- salgyt beýannamasy «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 209-njy maddasynda görkezilen taraplar tarapyndan berilýär;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda görkezilýär;
- beýannamanyň 15-nji we 29-32-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;
- beýannamanyň 18-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
- beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
- beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
- salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 210-njy maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;
- beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;
- beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;
- beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 211-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;
- beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;
- beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 212-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.