Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 95-nji maddasynda görkezilen hususy telekeçi bolup durýan salgyt töleýjiler – şahsy taraplar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 111-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň  8-nji, 12-17-nji (5-nji sütün boýunça), 28-30-njy,    32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    4)               12-nji we 13-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 100-nji we 101-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    5)               14-nji we 15-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 102-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    6)               20-25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 110-njy  maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

     

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 129-njy maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 137-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň 15-nji, 36-39-njy setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    4)               2-nji we 3-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 2-nji we 3-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 131-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    5)               4-nji we 5-nji sütünleriň 18.1-nji we 18.2-nji setirleriniň, şeýle hem 4-nji we 5-nji sütünleriň 22.1-22.9-njy setirleriniň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 132-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    6)               18.1-nji we 18.2-nji setirleriň 7-nji sütüni boýunça salgyt möçberleri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 133-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    7)               26-njy setir boýunça görkezijiler 25.1-nji setirden 25.9-njy setir aralygyndaky setirleriň her bir sütüni boýunça görkezijileriň möçberi hökmünde kesgitlenýär;

    8)               30-njy setir boýunça görkeziji 29-njy setiriň 2-nji sütüninden 8-nji sütüni aralygy boýunça görkezijileri goşmak arkaly kesgitlenýär.

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 147-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 176-njy maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň 15-nji, 30-33-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    4)               19-njy setirden 23-nji setire çenli 4-nji sütün boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 172-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda bellenilýär;

    19-njy setirden 23-nji setire çenli 5-nji sütün boýunça görkezijiler     2-nji, 3-nji we 4-nji sütünler boýunça görkezijileri köpeltmek arkaly kesgitlenýär;

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 114-nji maddasynda görkezilen salgyt töleýjiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 128-nji maddasy bilen bellenilen möhletlerde salgyt beýannamasyny berýärler;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň 15-nji, 32-35-nji setirleri salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    4)               18.1-18.9-njy setirleriň 2-nji we 3-nji sütünleri boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 117-nji we 122-nji maddalarynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;

    5)               18.1-18.9-njy setirleriň 4-nji we 5-nji sütünleri boýunça, şeýle-de 24-nji we 25-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 118-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;

    6)               18.1-18.9-njy setirleriň 7-nji sütüni boýunça görkezijiler «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 119-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;

    7)               22-nji we 23-nji setirleriň görkezijileri «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 126-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär;

     

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynda görkezilen şahsy taraplar şu salgyt beýannamasyny berýärler;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň 11-nji we 31-34-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;

    4)               beýannamanyň 13-16-njy setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    5)               beýannamanyň 17-18-nji setirleriniň maglumatlary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    6)               beýannamanyň 19-njy setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar –  13-nji setir goşmak 17-nji setir aýyrmak 18-nji setir;

    7)               beýannamanyň 21-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 200-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    8)               beýannamanyň 27-nji setiriniň görkezijisi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 189-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    9)                beýannamanyň 28-nji setiri boýunça görkeziji şeýle hasaplanýar – 19-njy setir  aýyrmak 27-nji setir;

    Degişli elektron sahypalar

    https://e.fineconomic.gov.tm/old/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň sanly hyzmatlar gurşawy

    https://fineconomic.gov.tm/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň elektron sahypasy

    Habarlaşmak üçin

    Salgy : 744028 Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 156

    • Tel: +(99312)39-43-78
    • Faks: +(99312)39-21-85
    • Elektron poçta: info@tax.gov.tm
    • Elektron sahypa: http://www.tax.gov.tm
    Copyright © 2021. Ähli hukuklar goraldy.