Mahabatlandyrma üçin ýygymy hasaplamak we tölemek maksady üçin mahabatlandyrma üçin ýygym boýunça beýannama bellenilýär –№ 38 goşundy.

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 201-nji maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3)               beýannamanyň 12-nji setirindäki hususy salgyt belgisini Türkmenistanyň salgyt gullugynyň edarasy tarpyndan şol belgi berilen taraplar görkezýärler;

    4)               beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    5)               beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 202-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär. Şunda, çykdajylaryň düzümi we olaryň degişli döwri, edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy hasaplamak üçin ulanylýan aýyrmalara degişlilikde kesgitlenýär.

    6)               beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;

    7)               beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 203-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.

     

    Beýannamanyň degişli setirlerine düşündiriş:

    1)               salgyt beýannamasy «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 209-njy maddasynda görkezilen taraplar tarapyndan berilýär;

    2)               beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda görkezilýär;

    3)               beýannamanyň 15-nji we 29-32-nji setirleri beýannamanyň berilen ýeri boýunça salgyt gullugynyň edarasynyň işgärleri tarapyndan doldurylýar;

    4)               beýannamanyň 18-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    5)               beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    6)               beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 208-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

     

    1) salgyt beýannamasyny «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 210-njy maddasynda görkezilen taraplar tabşyrýarlar;

    2)  beýannama basma harplarynda doldurylýar we beýannamanyň möçber görkezijileri manatda ýazylýar;

    3) beýannamanyň 15-nji we 29 – 32-nji setirleri beýannamanyň tabşyrylan ýeri boýunça salgyt gullugy tarapyndan doldurylýar;

    4) beýannamanyň 18-nji setiri boýunça maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 211-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýär;

    5) beýannamanyň 19-njy we 20-nji setirlerindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar;

    6) beýannamanyň 22-nji setirindäki maglumatlar «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 212-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda görkezilýar.

     

    Degişli elektron sahypalar

    https://e.fineconomic.gov.tm/old/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň sanly hyzmatlar gurşawy

    https://fineconomic.gov.tm/

    Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligiň elektron sahypasy

    Habarlaşmak üçin

    Salgy : 744028 Aşgabat ş. Arçabil şaýoly, 156

    • Tel: +(99312)39-43-78
    • Faks: +(99312)39-21-85
    • Elektron poçta: info@tax.gov.tm
    • Elektron sahypa: http://www.tax.gov.tm
    Copyright © 2022. Ähli hukuklar goralgy.